ÖÝDÄKI ZORLUGYŇ PIDASYNA NÄDIP KÖMEK ETMELI?
Maşgalasynda zuluma sezewar bolan adama kömek etjek bolnanda, DOGRY we NÄDOGRY hereketlerden habardar bolmaly.
Ilkinji nobatda göz öňünde tutulmaly zatlar:
▷ Zorlugyň pidalary köplenç özlerini ýeke we çykgynsyz ýagdaýda duýýarlar. Meseläniň çözüminiň bardygyny bilseler-de (polisiýa, krizis merkezleri), kömek soramakdan çekinýärler ýa-da adalata ynanmaýarlar.
▷ Size çeken ezýeti barada gürrüň berse, hökman diňläň we goldaw beriň. Onuň üçin howpsuz şertleri dörediň.
▷ Täze wezipeleriň/ýumuşlaryň/kararlaryň öňünde özüni güýçsüz duýýanlygy sebäpli, pida siziň maslahatlaryňyzy we kömegiňizi kabul etmän biler. Şonda-da, ondan ýardamyňyzy gaýgyrmaň. Emma, aşa tutanýerlilikden we ýazgarmakdan saklanyň. Sabyrly boluň!
Onuň ýagdaýyna düşünýändigiňizi we goldaýandygyňyzy bildiriň:
▷ "Ýagdaýy gürrüň bereniň gowy boldy".
▷ "Başyňa gelenler örän agyr ekeni".
▷ "Düşen ýagdaýyňa gaty gynanýaryn we seniň howpsuzlygyňy alada edýärin".
▷ "Munda seniň (hiç-hili) günäň ýok". we ş.m.
Kömege taýýardygyňyzy görkeziň:
▷ "Saňa nähili kömek edip bilerin?"
▷ "Özüňi howpsuz duýmagyň üçin nämeler gerek?"
▷ "Nädip şunça wagtlap ýeke özüň çekip-çydadyň?"
Edil şu wagt nämeleriň zerurdygyny soraň:
▷ Howpsuz galmana ýeri barmy? Gerek bolsa, polisiýa ýa-da krizis merkezlerine bile jaň ediň.
▷ Onuň maddy ýagdaýy nähili? Näme kemçiligi bar? Oňa nädip kömegiň deger (egin-eşik, iş gözlemek we ş.m.).
▷ Zulumkeş barada gürrüň edende, zulumkeşiň tarapyny çalmaň.
▷ Zorlugy hiç zadyň aklamaýandygyny nygtaň.
Her kim kemçilik goýberip biler, emma bu hiç kime zorluk ulanmaga hukuk bermeýär!
- 1383 gezek okalan