21-nji IÝUL – SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜDIR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.10 (30 Ses)

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleri!

Siz üçin şeýle dabaraly baýramçylyk gününde adamlaryň saglygyny goramak ugrunda alyp barýan jogapkärli, ýeňil bolmadyk zähmetiňiz üçin uly minnetdarlygymyzy bildiresimiz gelýär. Hünärleriň hiçisi hem adamyň içki dünýäsine şeýle ýakyn aralaşyp, onuň syrly öwrülmeleriniň, begenjiniň, gynanjynyň, alaçsyzlygynyň, ýeňşiniň, tolgunmalarynyň şaýady bolýan däldir.

Çünki Siz dünýäde gymmaty çäksiz bolan Saglygy gaýtaryp berme bilen, Adama ömür, umyt, bagt, ynam berýärsiňiz.

Şeýle dabaraly günde Size saglyk, maşgala abadançylygyny we bagty, rowaçlygy, hünäriňizde uly gadamly ösüşleri we abraýly üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň.

BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.

  • 2065 gezek okalan