UKYNYŇ ÝETMEZÇILIGINIŇ NETIJESINDE BEÝNI ÖÝJÜKLERI ÖZ-ÖZÜNI DARGYDÝAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Italýan alymlarynyň gelen netijesine görä, ukynyň ýetmezçiligi beýniniň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär, has takygy ol nerw öýjügi bolan neýronlaryň arasyndaky baglanşyklary – sinapslary dargydýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu hadysa adamda Alsgeýmeriň keseliniň we başga newrologiki keselleriň döremeginiň töwekgelçiligini ýokarlandyrýarlar. Bu maglumaty subut etmek üçin alymlar birnäçe toparlara bölünen syçanlaryň beýnisini deňeşdirdiler. Tejribe geçirilýän syçanlaryň birinji toparyna ukysyny 8 we ondan hem köp sagat almak üçin mümkinçilik berdiler. Ikinji toparyň syçanlary 5 gün ýatmadylar we olarda ukysyzlygyň dowamly görnüşi döredildi. Iki toparyň syçanlarynyň beýnisiniň astrositlerine we mikrogliýalaryna baha berildi. Astrositler beýnini ulanylmadyk sinapslardan arassalasalar, mikrogliýalar bu agzany şikeslenen öýjüklerden arassalaýarlar. Hakykatdan hem, köp ýatan syçanlaryň birinji toparynyň asrtositleriniň sinapslaryň 5%-ni, 8 sagat ýatan toparda 8%-ni, ýatmadyk syçanlarda bolsa 13%-i dargydandygy kesgitlendi. Bu sanlar, ukynyň ýetmezçiliginde beýniniň öýjükleriniň arasyndaky baglanşyklaryň dargadylmagy üçin şert döredilýändigini görkezdi. Alymlaryň bellemegine görä, nerw öýjükleriň şeýle ýokary işjeňligi ýatkeşligi peseldip biljek nerw bozulmalarynyň emele gelmegine getirip biler.

  • 507 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location