AÝALLARDA DÖREÝÄN ARAKHORLUK SÜÝJI KESELIŇ SEBÄBI BOLUP BILÝÄR.

  • Lukman
1 1 1 1 1

Amerikan alymlary tejribe geçirme netijesinde, alkogol içgileri aşa köp kabul edýän aýallarda, arak içýän erkek adamlar bilen deňeşdirlende, süýji keseliň döreme töwekgelçiliginiň ýokarydygyny kesgitlediler. Alymlar 27 ýyldan hem uzak dowam eden tejribäniň netijelerini jemlediler. Tejribäniň dowamynda 16 ýaşdan uly aýallar we erkek adamlar haýsy mukdarda we ýygylykda alkogol içgileri kabul edendikleri barada maglumat berdiler. Alymlary tejribäniň netijeleri geň galdyrdy – alkogol içgileriň aşa köp kabul edilmegi diňe aýallaryň ganynyň düzümindäki glýukozanyň ýokarlanmagyna sezewar etdi. Erkek adamlar, hatda olaryň arasynda arakhorlukdan ejir çekýänlerde hem ganyň glýukozasynyň ýokarlanmagy bolup geçmedi. Näme üçin alkogol içgileri kabul edýän aýallarda süýjüli diabetiň döreme töwekgelçiliginiň ýokary bolýandygynyň sebäbi entek alymlara belli däl. Şonuň üçin hem barlaglaryň dowam edilmegi meýilleşdirilýär. Umuman alanyňda, alkogol aýal bedeniniň kadaly işjeňligine ýaramaz täsirini ýetirýär. Ondan başga hem, erkekler bilen deňeşdirlende, aýallarda döreýän arakhorluk keselini bejerme juda çylşyrymly bolup durýandyr.

  • 1968 gezek okalan