GÖZ GYRPMA BARADA GYZYKLY FAKTLARY BILÝÄŇIZMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Asuda ýagdaýda adam bir gije-gündizde 15000 gezek gözüni gyrpýar – her 6 sek. bir gezek. Bir gözüň gyrpylmagy 100-150 millisekund wagtda amala aşýar. Gabaklaryň gyrpylmagy gözüň üstünden del jisimleri aýyrmagy, göz almasyny çyglandyrmagy üpjün edýär. Göz ýaşy gözi kislorod bilen üpjün edýär, ony bakteriýalardan arassalaýar.

Aýallar, erkek adamlar bilen deňeşdirlende 2 esse ýygy gözlerini gyrpýarlar.

Ýapon alymlarynyň anyklamagyna görä, adam haýsy hem bolsa bir işi gutaranda, gürrüňdeşi geplemegini soňlanda, okaýan sözlemini soňlanda, telewizorda sahnalar üýtgände has ýygy gözlerini gyrpýandyr. Alymlar kompýuter tomografiýasyny ulanyp gözüň gyrpylmagynyň amala aşyrýan fiziologiki maksatlaryny anykladylar: göz gyrpylanda beýniniň neýronlarynyň işjeňligi peselýär we beýni "garaşma" düzgünine geçýär. Şeýlelikde, gözüň gyrpylmagy ünsüň täzelenmegine we nerw öýjüklerine "dynç bermäge" kömek edýär.

  • 1706 gezek okalan