MOBIL TELEFONLAR ALSGEÝMERIŇ KESELINIŇ DÖREMEGINE ITERGI BERIP BILÝÄRLER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (10 Ses)

Amerikan lukmançylyk assosiasiýasynyň alymlarynyň geçiren barlaglary mobil telefonlardan çykýan şöhlelenmeleriň beýnide beta-amiloid beloklaryň derejesiniň ýokarlanmagyna getirýändigini subut etdi. Şu belok bölejiklerinden düzülen ýasmajyklaryň döremegi Alsgeýmeriň keseline getirýändir.

Ençeme ylmy barlaglar, gijeki wagt mobil telefonlaryň şöhlelenmeleriniň bir sagatlyk täsiriniň melatonin gormonynyň tebigy bölünip çykmasyny üýtgedýändigini subut etdiler. Ukynyň dürli tapgyrlaryny kadalaşdyrýan bu gormonyň işlenilip çykmasynyň bozulmalary ukysyzlyga getirip bilýändir. Şeýle üýtgemeleriň öňüni almak üçin alymlar uklanylanda mobil telefonlary kelleden biraz daşlykda saklamagy maslahat berýärler.

  • 1220 gezek okalan

Teswirler (3)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. TTTTT

Ýalňyş düşünmedik bolsam,unutganlyk bolýar.Mende şol bar welin telefondandyr öýdemokdym.Dogry telefony kän oýnaýan,hatda kitabam kän okýan.Telefon bn baglanyşykly başga makalalary goýmagyňyzy haýyş edýärin

 
  1. pikirli

Ýazylanlar dogry bolsa gelejegimiz gaty gorkuç. Töwerek-daşyň Alsgeýmer keselli. Göz öňüne getirip görüň. Hudaý saklasyn.Beýle däldirle!

 
  1. okyjy

Bu täzeligi okap, howsala düşeniňi duýman galýarsyň. Mobil telefonlarynyň ulanyňynyň ýaýbaňlamagy geljekki nesillerimiziň saglygynyň zaýalanmagyna getijekdigini degerli adamlar göz öňüne getirip, garşysyna baş galdyrjak ýokmyka! Aý, näme hemme...

Bu täzeligi okap, howsala düşeniňi duýman galýarsyň. Mobil telefonlarynyň ulanyňynyň ýaýbaňlamagy geljekki nesillerimiziň saglygynyň zaýalanmagyna getijekdigini degerli adamlar göz öňüne getirip, garşysyna baş galdyrjak ýokmyka! Aý, näme hemme ýeri "biparhlyk keseli" gurşap aldy-da.

Dowamy
 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location