ŞATLANMA GORMONYNYŇ AGDYKLYK ETMEGI BEDEN ÜÇIN HOWPLY BOLUP BILER.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

habar 120Beden tarapyndan işlenilip çykarylýan serotonin şatlanma duýgusynyň döremegi üçin jogapkärdir. Bu gormon bedeniň köp ulgamlaryna täsir edýändir we onuň köp işlenilip çykarylmagy bedene ýaramly täsir etjek ýalydyr. Ýöne hakykatdan hem bu beýle däldir.

Hünärmenler bu gormonyň ýokary mukdarynyň bedene zyýan ýetirýändigini bellediler. Onuň ýokary mukdary "serotonin sindromy" diýip atlandyrylan keseli döredýändir. Serotoniniň ýokary mukdaryny gamgynlylyga garşy kabul edilýän serişdeler, neşe serişdeleri ýokarlandyrmaga ukyplydyr.

Lukmanlar şeýle keseliň beden üçin howplylygyny aýtsalar hem, onuň alamatlarynyň başga keselleriň alamatlary bilen meňzeşdigi sebäpli, hatda tejribeli lukmana hem anyklama kynçylygyny döretjekdigini belleýärler. Serotonin gormony kadadan ýokarlananda adam emosional taýdan joşgunly bolýar, ol yzyny üzmän gepleýär. Adamda howsala düşme, özüni ýitirme, gözüne görünme ýaly ýagdaýlar hem döräp bilýändir. Ondan başga-da, adamyň ýüregi bulanyp gaýtaryp bilýär. Ol derleýär, içgeçme döräp bilýär, dem alşy kynlaşýar, kelagyrylar başlanýar. Adamyň agzy gurap, titremegi, el-aýagynyň duýujylygynyň ýitirilmegi mümkindir. Şeýle alamatlar dörände haýal etmän lukmana ýüz tutmak maslahat berilýändir.