ILKINJI GEZEK BIOLOGLARA LABORATOR ŞERTLERDE AÝAL JYNS ÖÝJÜGINI ÖSDÜRMEK BAŞARTDY.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

habar 121Ilkinji gezek biologlara içinde ýerleşýän ösmedik öýjüge goraglylyk berýän follikulda aýal jyns öýjügini ösdürmek başartdy. Laborator tejribeleri iňlis we amerikan biologlary geçirdiler. Hünärmenler bu açyşyň dürli sebäplere görä dörän önelgesizlige sezewar bolan, şeýle hem himiýa bejergisini geçen aýallara kömek etjekdigine tama bildirýärler.

Tejribeler üçin biologlar kesarewo kesimi operasiýasyny geçiren, 25-39 ýaş aralygyndaky aýallaryň 10-yň ýumurtgalygyndan dokuma bölejigini aldylar. Ol böleklerde biopsiýa barlagy geçirildi. Alnan nusgalardan primordial follikullar alnyp, olar ýörite iýmitlendiriji gurşawa ýerleşdirildi. Şeýle follikullar enäniň göwresindekä gyzjagazyň ýumurtgajygynda emele gelip, olaryň uzynlygy 50 mikrometre deň bolup durýandyr. Haçanda aýal jyns öýjükleri ýetişende, alymlar olary jyns gormonlaryny işläp çykarýan granulez öýjükleri bilen aldylar. Alnan aýal jyns öýjükleri öz "ösüşini" düzüminde Aktiwin-A belogy we follikultijendiriji gormony goşulan ýörite taýynlanan iýmitlendiriji goşundyda dowam etdiler. Ösüşiň öňýanyndaky tapgyra 87 nusgadan 48 öýjük ýetdi. Hromosomlaryň hemme toplumyny saklaýan öýjükleriň bolsa bary-ýogy 9-sy alyndy. Soňky tejribelerde alymlar aýal jyns öýjükleri emeli şertlerde ösdürmegiň has hem içgin öwrenilmegini we kämilleşdirilmegini göz öňüne tutýarlar.

  • 3746 gezek okalan