ÝAŞASYŇYZ GELÝÄRMI? ŞOL BIR LUKMANYŇ GÖZEGÇILIGINDE BOLUŇ.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

habar 125Iňlis alymlary birinji bolup wagtyndan öň döreýän ölümçilik bilen şol bir lukmanyň gözegçiliginde galmagyň arasyndaky baglanşygy ýüze çykardylar.Siz megerem şol bir lukmanyň gözegçiliginde bolunmagynyň peýdalylygy barada eşidensiňiz.

Näme üçin şol bir lukmanda saklanmak peýdaly? 22 sany geçirlen uly barlaglarda saglygy saklaýyş ulgamy we medeniýeti dürli bolan 9 sany döwletden alnan maglumatlara seljerme berildi. Barlagyň awtorlary, sorag etmeleriň 82%-de şol bir lukmanda gözegçilikde bolunma bilen pes ölümçiligiň arasynda uly arabaglanşygyň bardygyny bellediler. Ekspertleriň bellemegine görä, onuň esasy sebäbi – lukman bilen näsagyň arasynda döreýän ynamly gatnaşyklardyr. Bu iki tarap üçin hem peýdalydyr.

"Näsagyň hemme maslahatlary berjaý etmegi ýa-da etmezligi, belli bir lukmana dörän ynamlylygyna baglydygy biziň hemmämize mälimdir" diýip, barlaga gatnaşan lukman Greý belleýär.

Barlaglaryň netijesi belli bolan taglymaty tassyklaýar: lukmançylyk işgärleriniň taýynlygyna göýberilýän maliýe serişdelerini köpeltmeli we olaryň diňe hünärmenlik taýynlygyna däl-de, eýsem näsag bilen döretjek gatnaşyklaryna hem üns bermeli. Gowy lukman – ynanylýan lukmandyr!

  • 893 gezek okalan

Teswirler (3)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Dunýede kesel yok ony özimiz doretýas

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Lukmanyň nasagda ynam döretmegi üçin, zor aýakdan lukman bolan lukman dälde, öz lukmançylyga höwesi, öz bilimi bilen okap gutaran adamkärçilikli, umuman Hudaý tarapdan berilen hünärmen bolup näsagyň ynamyna girip bilmegi başarmaly.Ynama girip...

Lukmanyň nasagda ynam döretmegi üçin, zor aýakdan lukman bolan lukman dälde, öz lukmançylyga höwesi, öz bilimi bilen okap gutaran adamkärçilikli, umuman Hudaý tarapdan berilen hünärmen bolup näsagyň ynamyna girip bilmegi başarmaly.Ynama girip bilmeseň ol lukmandan näsaglar gaçar.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gaty dogry belläpdirler.

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location