ENELIK RUGSADYNA ÇYKSAŇYZ IŞIŇIZI ÝITIRERSIŇIZ!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tazelik ene rugsadyHytaý jübütlere 3 çaga edinmäge rugsat berýän möhüm syýasy özgertmesini yglan edenden soň, ýurduň sosial mediýasy nägilelikden doldy – diýip The New York Times neşiri habar berýär.

Köpler üç çaga ulaltmagyň çykdaýjylarynyň ummasyz boljakdygyna ynanýarlar. Ýene bir esasy meseleleriň biri iş ýerlerinde aýallaryň diskriminasiýa duçar bolmagydyr.

Human Rights Watch-yň hasabatyna görä, göwrelilik we jynsparazlyk bilen bagly diskriminasiýany gadagan edýän "güýçsiz" kanunlar iş berijilere eýýäm çagalary bolan ýa-da enelik rugsadyny meýilleşdirmeýän zenanlara artykmaçlyk bermäge mümkinçilik döredýär.

Meselem: Bir enä 3 ýyllap ikinji çaga edinmezlige borçlandyrýan şertnamany baglaşmak soraldy.

"Aýallary ‘watanyň hatyrasyna’ ikinji çaga edinmäge mejbur etmegiň ýerine, Hytaý hökümeti iş we çaga edinmek hukuklarynda deň hukuklylygy üpjün etmek baradaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmeli" – diýip hasabatyň awtory Yaqiu Wang belleýär.

Human Rights Watch

  • 1011 gezek okalan