40 ÝYLYŇ ÜSTÜNLIGI WE ŞOWSUZLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

tazelik 40 yylyn ustunligiBMG-nyň 2020-nji ýyl üçin AIW-i gözegçilikde saklamak maksatlaryny onlarça döwlet amala aşyrdy ýa has artygy bilen ýerine ýetirdi. Emma, AIW/AIDS-yň üstüniň açylanyna 40 ýyl geçsede, gowşak döwletlerde AIW hyzmatlary entegem elýeterli däldigini UNAIDS-iň täze hasabaty tassyklaýar.

Kiçeňräk üstünlikler:

↪ AIW bejergisini alýan adamlaryň sany 2010-2020-nji ýyllar aralygynda 3 esse artdy – 8 milliondan 24.4 milliona ýetdi.

↪ 2001-nji ýyldan bäri bejergileriň deňligi we elýeterliligi takmynan 16.2 million ölümiň öňüni aldy.

↪ Antiretrowirus terapiýanyň saýasynda, AIDS bilen baglanşykly ölümler 2020-nji ýylda 690,000 bolup, 2010-njy ýyldan bäri 43% peseldi.

↪ AIW infeksiýasyna böwet bolmakda haýal ösüş gazanyldy: 2010-njy ýylda täze AIW infeksiýasy ýokuşma sany 2.1 million adam bolanlygyndan, 2020-nji ýylda bu görkeziji 30% kemelip, 1.5 million boldy.

Progressiw syýasaty we güýçli saglyk ulgamy bolan ýurtlaryň üstünligi – täsirli AIW testleriniň we hyzmatlarynyň elýeterliligi, öňüni alyş çäreleri, zyýany azaltmak çemeleşmeleri, dowamly AIW bejergileriniň üpjünçiligi, yzygiderli hile üns berme we ideg etme bilen baglanşyklydyr.

Birmeňzeş jynsdaky adam bilen gatnaşyklary jenaýat hasap edýän, jeza beriji kanunlary bolan ýurtlar ýagdaýy has erbetleşdirdi. Olar dünýädäki täze AIW infeksiýalarynyň 62%-ini emele getirýän bir jynsly gatnaşykdaky adamlar, şol sanda erkek adamlar bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekler, seks işgärleri, transgenderler, türmedäki we neşe serişdesini sançýan adamlar üçin AIW bejergi hyzmatlaryny alma mümkinçiliklerini elýetmez etdi.

Geljek hepde, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň AIDS barada Nýu-Ýorkda geçiriljek ýokary derejeli ýygnagy bu deňsizlikleri çözmek üçin täze maksatlary kesgitlär.

  • 917 gezek okalan