Kesarewo kesiminiň sany bütindünýäde köpelýär we artmagyny dowam etjekdigi BSGG-nyň täze barlagynda bellenilýär.
BMJ Global Health-iň barlagyna görä, häzirki wagtda 5 çagadan 1-i kesarewo kesimi bilen dogulýar we bu görkeziji 2030-njy ýyla çenli 3 çagadan 1-i bolmagy mümkin.
Emma bu sanlar saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligine baglylykda üýtgeýär.
Kesarewo kesimlerini geçirmek mümkinçilikleriniň elýetmezligi sebäpli, Günorta Afrikada aýallaryň diňe 5%-i bu operasiýa arkaly çaga dogurýarlar. Ýöne bu görkeziji Latin Amerikada we Karib adalarynda 43%-dir.
5 ýurtda – Dominika Respublikasynda, Braziliýada, Kiprde, Müsürde we Türkiýede kesarewo kesimi arkaly dogrum waginal dogruma seredeniňde has köpdir.
Kesarewo kesimi operasiýalary çanaklygyň darlygy we düwünçegiň gysylmagy (çaga kislorod ýetmezligi) ýaly dogrum kynçylyklarynda, waginal dogruma alternatiw prosedura bolsa-da, olaryň lukmançylyk zerurlygy bolmazdan geçirilmegi enäni we çagany töwekgelçilige salyp bilýär.
Lukmançylyk taýdan zerur bolmadyk kesarewo kesimini nädip azaltmaly? Munuň üçin, BSGG goşmaça maslahat alynmalydygyny we ol operasiýalary geçirenlerinde barlag etmelidigini maslahat berýär.
BMG-a görä, Merkezi Aziýada kesarewo kesiminiň derejesi 12.5%-e deňdir.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.