PSIHOAKTIW SERIŞDELER BARADA TÄZE WEB SAHYPA AÇDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

nps info orgBMG-nyň neşe serişdeleri we jenaýat boýunça (UNODC) Gündogar Ýewropadaky sebitleýin edarasy (Kiýew, Ukraina) Ynsanperwer hereket gaznasy (Sankt-Peterburg, Russiýa) bilen birlikde täze psihoaktiw (beýnä täsir edýän) serişdeler (NPS) barada täze web sahypa açdy NPS-Info.org. Saýt gepatitli adamlar, täze psihoaktiw serişdeleri/stimulýatorlary ulanýanlar we töwekgelçilikli toparlara hyzmat üpjün edijiler üçin onlaýn maglumat çeşmesidir.

Bu saýtda AIW ýokuşmalarynyň we beýleki neşeler bilen bagly keselleriň öňüni almak we sintetiki psihostimulýatorlar ýaly dürli serişdeler barada peýdaly maglumatlar bar. Meselem: NPS-iň döredýän ýan täsirlerine garşy göreşmek baradaky maglumatlar. Saýt Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryna gönükdirilýär.

Ceşme

  • 727 gezek okalan