SACKLER MAŞGALASY OPIOID DAWASYNDA IMMUNITET GAZANDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

oxyсontinBankrotlyk işi boýunça Federal kazyýeti Purdue Pharma kompaniýasyny ýapyp, ryswa bolan Sackler maşgalasyny opioid krizisi bilen baglanyşykly gelejekki kazyýet işlerinden gorajak 10 milliard dollarlyk töleg üçin şertli kararyny berdi.

Müňlerçe hukuk goraýjylar we pidalar derman öndüriji Sackler maşgalasyny garaşlylyk döredýän agyry aýryjy "Oxyсontin" dermanyny hilegärlikli mahabatlandyrandyklary üçin suda berdiler. Derman garaşlylyk epidemiýasyny döredip, ABŞ-da 500,000-den gowrak adamyň ölmegine sebäp boldy.

Kazyýetiň kararyna görä, Sackler maşgalasy:

↪ OxyContinden ejir çeken adamlara, ýerli hökümetlere we taýpa jemgyýetlerine $4.3 milliard öwez tölegini tölär.

↪ Eýeçiligindäki birnäçe haýyr-sahawat edaralaryny we Purdue Pharma kompaniýasyny dolandyrmakdan el çeker.

Purdue Pharma täze jemgyýetçilik haýyr-sahawat kompaniýasy bilen çalşylar. Onuň girdejisi opioid garaşlylygynyň öňüni almak we bejermek üçin ulanylar.

6 sagatdan gowrak dowam eden kazyýet işinde kazy Robert Drain: "mahabatlandyrmalaryň uly göwrümli saglyk krizisine goşant goşandygy aýdyň. Meýilnamanyň düzümine has köp zat girizilen bolsa gowy bolardy, emma oňa girizilen zatlary hem inkär edip bilmerin" diýdi.

Eger öwez tölegi Sackler maşgalasyna eldegrilmesizlik bermese, olar kazyýet işini yza süýşürmäge söz beripdiler.

Maşgala jenaýat jerimelerine immunitet alyp bilmedi.

  • 613 gezek okalan