GÖZ ÖŇÜŇIZE GETIRIŇ, 216 MILLION ADAM GÖÇMEK UGRUNDA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Bütindünýä bankynyňadam gocme ugrunda ýakynda çap eden hasabatyna görä, buzluklaryň eremegi netijesinde deňiziň derejesiniň ýokarlanmagy, süýji suwuň ýetmezçiligi we oba-hojalykda hasylyň azalmagy, 2050-nji ýyla çenli 216 million adamlaryň öz ýurtlaryndan göçüp gitmegine getirip biler. Bu bolsa pes girdeýjili ýurtlara has hem agyr deger.

Groundswell 2.0 kompýuter modeline görä, klimatyň üýtgemegi sebäpli migrasiýa 2030-nji ýylda möwj alyp we 2050-nji ýyla çenli güýçlenip biler. Netijede, Afrika yklymynyň diňe bir Saharanyň günortasyndan 86 million adamlaryň göçmegine, ýene-de:

↪ 19 million adamlaryň Demirgazyk Afrikadan;

↪ 40 million adamlaryň Günorta Aziýadan;

↪ 49 million adamlaryň Gündogar Aziýadan we Ýuwaş umman sebitinden;

↪ 5 million adamlaryň Gündogar Ýewropadan we Merkezi Aziýadan.

Hasabatyň awtorlarynyň aýtmagyna görä, klimatyň üýtgemegi indi hakykata öwrüldi, ýöne onuň ýaramaz täsirlerini azaldyp bolar. Atmosfera zyňylýan parnik gazlaryny azaltmak, ösüşdäki boşluklaryň öwezini dolmak we ekosistemalary dikeltmek bilen, migrantlaryň sanyny 80% – ýagny 44 milliona çenli azaldyp bolar.

Merkezi Aziýa

Klimatyň üýtgemegi bilen Merkezi Aziýada, ozaldan gür ilatly Fergana jülgesi ýaly suwuň elýeter, ekin öndürijilik ukyby bolan we ykdysady taýdan öndürijilikli, demirgazyk Gazagystan ýaly durmuş mümkinçilikleriniň ýokary bolan ýerlere başga ýerlerden adamlaryň göçüp gelmegine getirer. Şeýle-de bolsa, Gyrgyzystanyň möhüm oba-hojalyk we daglyk sebitlerinde suw ýetmezçiligi bolar, netijede adamlaryň oba ýerlerden şäherlere göçüp barmagy mümkin. Gyrgyzystan respublikasynyň şäher meýilnamalaşdyrylyşy klimata gönükdirilen bolmagy we ilata ýeterlik ýaşaýyş jaýlary, iş mümkinçiliklerini, infrastruktura, aragatnaşygy we hyzmatlary ilata elýeterli etmegi möhüm bolar. Gyrgyzystan respublikasy häzirden, klimatyň üýgemegine duýgur pudaklaryň durnuklylygyny we ykdysady diwersifikasiýa derejesini ýokarlandyrmak üçin çäreleri görýär.

Çeşme: The Straits Times

SAGLYK-da ÇAP EDILEN MAKALALAR:

Türkmenistanda klimatyň döredýän töwekgelçilikleri: şu günümize we ertirimize syn

Türkmenistanyň klimaty üýtgeýär

Aral deňziniň krizisi we onuň adam saglygyna täsiri: nämeler belli?

  • 638 gezek okalan