OWGAN ALYMLARY ÝURTDAN GAÇÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

owgan alymlary yurtdan gacyarTaliban Kabuly eline geçireninden soň, Owganystandaky 20 ýyllyk ylmy gözlegleriň ösüşine howp abanýar.

2004-nji ýyldan bäri ýüzlerçe million dollarlyk halkara maliýeleşdirmesi onlarça täze döwlet we hususy uniwersitetleri açmaga, aýallaryň işjeňliginiň ep-esli artmagyna we halkara žurnallara goşantlaryň köpelmegine ýardam edipdi.

Häzirki wagtda ýurtda iberilýän ençeme milliard dollara barabar bolan daşary ýurt maliýe serişdeleri doňduryldy. Owgan alymlary daşary ýurtlardan gaçybatalga tapmakda kynçylyk çekýärler.

"Bu Owganystanyň geljegi üçin uly betbagtçylykdyr. Ýurtda bilimli adamlar galmaz" – diýip, Owganystanyň Ylymlar akademiýasynyň agzasy belleýär.

  • 95 gezek okalan