ÇILIMI TAŞLAMAK ÜÇIN TÄZE, PEÝDALY DERMANLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

cilime garsy dermanlarTemmäki her ýyl ýürek-damar, öýken, rak, diabet we birnäçe beýleki keselleriň üsti bilen 8 million adamyň ölümine sebäp bolýar. Temmäkiden el çekmek kyn düşüp bilýär, esasanam COVID-19 pandemiýasynyň sosial we ykdysady stresi artdyran döwründe. Dünýädäki 1.2 milliard temmäki ulanyjylarynyň 60%-i ony taşlamak isleýär, emma olaryň diňe 30%-i çilimden üstünlikli el çekmek üçin zerur bolan serişdelerden peýdalanyp bilýärler.

Çilimi taşlamaga ýardam beriji howpsuz we netijeli lukmançylyk bejergileri bar hem bolsa, olaryň üpjünçiligi hemişe ýeterlik dereje ýa-da elýeterli bolman bilýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) her iki ýyldan Esasy Derman Serişdeleriniň nusgawy sanawyny (EML) çap edýär. Bu sanawda BSGG ekspertleriniň durmuş taýdan wajyp hasaplaýan derman serişdeleri berlip, ol hökümetlere ýurtda nähili dermanlaryň elýeter bolmalydygyny kesgitlemekde gollanma bolup hyzmat edýär.

2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda BSGG Nusgawy Sanawyň täzelenen görnüşini çap etdi. Ozalky sanawda çilimi taşlamak isleýänler üçin esasy derman serişdesi hökmünde diňe nikotiniň ornuny tutujy terapiýa bardy. Nikotiniň ornuny tutujy terapiýada wagtlaýynça sakgyç ýa-da plastyr ýaly, nikotiniň başga görnüşi ulanylyp, nikotinden daşlaşylanda döreýän ýakymsyzlyk azaldylýar.

Täzelenen sanawda çilimi taşlamak isleýänler üçin iki sany täze derman bar: bupropion we wareniklin. Bu iki derman nikotin ulanmazdan, adamda nikotine bolan islegi azaldýarlar. Şeýdip bular, çilimi taşlamaga we nikotine garaşlylygy azaltmaga ýardam edýärler.

Bupropionyň we warenikliniň ikisiniň hem maslahat beriş terapiýalary arkaly çilimi taşlap bilmeýän ulanyjylar üçin howpsuz we netijelidigi subut edildi. Bu iki dermanyň täze sanawa girizilmegi hökümetlere, ilat saglygyny goraýjy professionallara, lukmanlara we raýatlara çilimi taşlasy gelýänlere kömek etmegiň ýollarynyň köpelendigini habar berýär.

  • 53 gezek okalan