GYZAMYGYŇ KÖPELMEGINE GARAŞYLÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

gyzamygyn kopelmegi20 ýyldan bäri ilkinji gezek gyzamyk sanjymy edilmedik bäbekleriň sany köpeldi. Munuň netijesinde gyzamyk hadysalary tiz ýaýrap biler. BSGG-nyň ýakynda çap eden hasabatyna görä:

↪ 2020-nji ýylda COVID-19-yň döreden päsgelçilikleri sebäpli 22 million çaga gyzamyk sanjymynyň ilkinji dozasyny alyp bilmedi.

↪ 23 ýurtda 24 sany waksinasiýa kampaniýalary togtadylyp, 93+ million adamy gyzamyk töwekgelçiligine saldy.

↪ Laboratoriýalarda geçirilýän barlaglaryň sanynyň azalmagy bilen, gyzamygyň gözegçiligi hem gowşady.

Geçen ýyl hasaba alnan gyzamyk hadysalary +80% az boldy. Emma, hünärmenler bu ýagdaýy tupanyň öňüsyrasyndaky ümsümlige meňzedip, gyzamygyň tiz ýaýrama howpunyň dünýä ýüzünde ýokarlanýandygyny duýdurýarlar. BSGG-da Immunizasiýa müdiri Kate Obraýan bar ünsi COVID-19 waksinasiýasyna berip, gyzamyk ýaly wajyp waksinasiýa geleňsizlik etmeli däldigini, bolmasa bir howply keseliň ornuny başga howply keseliň eýeläp biljekdigini ýatladýar.

Gyzamyk – bu çagalyk döwrüniň ýokanç keselidir. Ol syrkaw adamdan sagdyn adama ýokup bilýär. Endama örgün örüp başlan günler ol has hem ýokançdyr. Gyzamyk howa-damja arkaly, mysal üçin, söhbetleşlikde, kimdir biri üsgürip-asgyranda ýokup bilýär. Gyzamyk çykaran çaga üsgürip-asgyranda agzyndan, burnundan bölünip çykýan suwuklyklar keseli ýaýradyjydyr.

  • 51 gezek okalan