DEMENSIÝA HADYSALARY INDIKI 30 ÝYLDA ÜÇ ESSE ARTAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

demensiya hadysalary2019-njy ýylda dünýäde 57 million demensiýaly adam bolan bolsa, 2050-nji ýyla çenli olaryň 153 milliona ýetmegine garaşylýar. Munuň netijesinde gelejegiň saglygy goraýyş we sosial ulgamlary barha ulalyp barýan howpuň astyna düşýärler.

↪ 195 ýurda seredip geçen barlagda demensiýanyň artmagy ilatyň we gartaşýanlaryň köpelmegi bilen baglanyşdyrylýar.

↪ Emma çilim çekmek, semizlik we gandaky şekeriň ýokarylygy ýaly, öňüni alyp bolýan faktorlar hem keseliň köpelmegine goşant goşar.

↪ Demensiýa hadysalary her ýurtda artar, esasan hem Demirgazyk Afrika we Orta Gündogar (367%) sebitleri, şeýle-de Saharanyň günortasyndaky Afrika (357%) iň köp hadysalara duçar bolarlar.

Öňüni alyş çäreleri: bütin dünýäde öňüni alyş programmalaryny we saglygy goraýyş hyzmatlaryny ösdürmek arkaly 6.2 million hadysanyň öňüni alyp bolar. Emma bu çärelere şu günden başlamaly, ýogsam demensiýa diňe bir şahsy däl, eýsem ykdysadyýeti we jemgyýeti hem uly ýitgä sezewar edýär.

DEGIŞLI MAKALALAR:

ÖÝDÄKI NÄSAGLARA SEREDÝÄNLERIŇ ÝÜZBE-ÝÜZ BOLÝAN MESELELERI

  • 647 gezek okalan