ABŞ ABORT HUKUKLARYNY ÝATYRARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

abs abort hukukAborta degişli çäklendirmeleriň dünýä boýunça barha gowşadylýan döwründe Amerikanyň Birleşen Ştatlary aborta bolan konstitusion hukugyndan el çekmäge ýakynlaşýar.

1973-nji ýylda "Roe v. Wade" kazyýet işinden soňra ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti şeýle karar çykardy: Göwreliligiň ilkinji 3 aýlygynda enäniň lukmançylyk kömeginiň üsti bilen abort etdirmäge doly hukugy bar; göwreliligiň ikinji 3 aýlygynda her ştatyň özi enäniň saglygyny göz öňünde tutup, aborta çäklendirmeler girizip biler; göwreliligiň soňky 3 aýlygynda enäniň saglygyna we janyna howp abanmaýan ýagdaýynda, her ştat özbaşdak aborta çäklendirme girizip ýa-da ony büs-bütin gadagan edip biler.

Emma welin, soňky günlerde Birleşen Ştatlar "Roe v. Wade" işine täzeden garap başlady we hünärmenler bu taryhy kararyň ýatyrylmagynyň mümkindigini belleýärler. Bu bolsa dünýäni haýrana goýýar. Çünki adatça konserwatiw ýurtlaryň hem köpüsi aborta bolan garaýyşlaryny üýtgedipdiler:

Latyn & Günorta Amerika

Kolumbiýa: Fewralda aborta göwreliligiň 24-nji hepdesine çenli rugsat berdi.

Meksika: Ýokary kazyýet aborty jenaýat hasaplamagy konstitusiýa garşy görýär.

Argentina: 2020-nji ýylda aborta göwreliligiň 14-nji hepdesine çenli rugsat berdi. Ondan soňra hem zorlanylma ýaly belli şertlerde rugsat berýär.

Braziliýa: Aborta diňe zorlanylma bolan ýagdaýynda, enäniň janyna howp abansa we düwünçekde kemçilikler anyklanylsa rugsat berýär.

Abort doly gadagan, kadadan çykmalara rugsat berilmeýär: Gonduras, Nikaragua we Salwador.

Afrika

↪ Afrika ýurtlarynyň köpüsinde abort heniz hem doly gadagan bolmagyna galýar.

Benin geçen oktýabrda aborta köp şertlerde 12 hepdä çenli rugsat berdi.

Ýewropa

↪ Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi, şol sanda Irlandiýa ýaly galapyn katolik bolan ýurtlar hem aborta kanun taýdan rugsat berdiler.

Gadagan: Andorrada, Maltada we Watikan şäherinde. Polşa geçen ýyl aborta degişli kanunlaryny berkleşdirdi.

Orta gündogar

Ysraýyl: 1978-nji ýyldan bäri giňişleýin elýeter we "az dawaly".

Tunis: Ençe ýyl bäri 12 hepdä çenli rugsat berilýär.

Eýran: 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasyndan bäri gadagan.

Türkmenistanda abort çäklendirmesi 2015-nji ýylda resmileşdirilip, aborta bolan hukuk 12 hepdeden 5 hepdä çenli azaldyldy.

ABŞ-nyň çykarjak kararynyň beýleki ýurtlara ýetirjek täsiri heniz aýdyň bolmasa-da, dünýä liderleri aladalanmalaryny bildirip başladylar:

↪ Fransuz senatory Julien Bargeton: "Abortyň çäklendirilmegi amerikan zenanlary üçin elhenç yza gaýdyşlyk bolar".

↪ Şotlandiýanyň baş ministri Nikola Sturgeon: "Taryhyň tejribeleri bize aborta bolan hukugy aýyrmagyň abortlaryň sanyny azaltmaýandygyny, diňe olary howply şertlerde geçirmäge iterip, aýallaryň janyny töwekgelçilik astynda goýýandygyny görkezýär".

  • 39 gezek okalan