DEMIRGAZYK KOREÝA ÝURTDA COVID-IŇ BARDYGYNY BOÝUN ALDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

d koreya covidGeçen günlerde Demirgazyk Koreýa ýurtda COVID-19 wirusynyň ýaýrap başlandygyny kabul etdi we 2 ýyllap wirusdan azatdygy barada köpleri şübhelendirip gezen ýurtlaryň içinde hakykaty boýun alan ilkinji ýurt boldy.

Ýurduň ýolbaşçysy Kim Joň Un maskaly çykyş edip, milli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi we tutuş ýurda lokdaun (berk hereket çäklendirmesi) girizdi. Ýurduň döwlet metbugaty paýtagt Pýoňýaňda Omikron ştamynyň bir görnüşiniň anyklanylandygyny habar berdi, emma hadysalaryň sany we infeksiýanyň çeşmesi barada maglumat bermedi.

Ýurda abanýan uly howp: Demirgazyk Koreýanyň 25 million ilaty waksina almadyk millet bolup, ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň hem resurs üpjünçiligi örän gowşak. Ýurt COVAX programmasynyň üsti bilen hödürlenen waksinalardan hem ýüz dönderipdi. Munuň halkara gözegçilik ulgamyndan daş durmak üçin edilen bolmagy mümkin. Omikronyň Gonkonga we Hytaýa ýetiren betbagtçylykly täsirini göz öňünde tutup, hünärmenler Demirgazyk Koreýanyň howpuň astyndadygyny aýdýarlar.

Demirgazyk Koreýa näme üçin hakykaty şu wagt boýun aldy?

BBC: “Bu gezekki wirus ýaýramasynyň aşa çynlakaý we ýaşyrardan aşa kyn bolmagy örän ähtimal”.

Leif-Erik Izli, Seuldaky Ewha Uniwersitetiniň professory: "Ýurduň wirusyň bardygyny boýun almagy onuň kömek almaga meýilli boljakdygyny aňlatmaýar".

Demirgazyk Koreýa heniz resmi taýdan BSGG-a habar bermedi.

  • 61 gezek okalan