MAÝMYN MAMASYNA GARŞY KÖPÇÜLIKLEÝIN SANJYM EDILERMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Indiki hepdemaymyn mama sanjym BSGG-nyň ekspertleri maýmyn mamasynyň global taýdan ýaýraýyş ýagdaýyna baha bermek üçin duşuşarlar.

Häzire çenli maýmyn mamasynyň wirusy keseliň endemik däl 32 ýurduna ýaýrady we 1,600+ hadysa hasaba alyndy.

Näme bolar?: Wirusyň "afrikan" diýlip atlandyrylmagy ençeme alym tarapyndan ýazgarylandan soňra, BSGG maýmyn mamasyna täze at bermegi niýetlenýär.

Näme bolmaz?: Kesele garşy köpçülikleýin sanjymlar edilmez. Çünki elýeter bolan mama keseliniň waksinasy maýmyn mamasyna garşy hem täsirli bolsa-da, ondan tama az. ABŞ-nyň waksina zapasynyň uly bölegini düzýän ACAM2000 mama waksinasy galyň iňňeli 15 gezeklik sanjymy talap edýär. Käbir ýurtlarda kesel ýokuşanlaryň ýakyn gatnaşykdaky adamlaryna bu sanjym berlen hem bolsa, sanjymyň ilat köpçüligine salýan howplary onuň berjek peýdalaryndan kän. Meselem, ACAM2000 düzüminde janly wirusy saklaýar – bu bolsa ilatda asyl wirusyň özünden hem köp kesele sebäp bolup biler.

ABŞ-da düzüminde wirusyň gowşagrak görnüşini saklaýan we has howpsuz saýylýan Jynneos waksinasy hem bar, emma onuň zapasy çäkli.

Elýeter waksinalaryň çäklidigi sebäpli, bu maýmyn mamasyndan üstün çykmak üçin yzygiderli barlag geçirmek, habardarlygy ýokarlandyrmak we adamlaryň seresaplylyga üns bermegini gazanmak ýaly çäreleri ýola goýmaly bolar.

  • 72 gezek okalan