TIKTOK-DA ADAM SÖWDASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tiktok da adam sowdasyÖrän meşhur sosial mediýa TikTok adam söwdasyny edýän toparlaryň iş alyp barýan ýerine öwrüldi. Olar Bangladeşdäki garyp gyzlara modellik karýerasyny wada berip, Hindistana alyp gidýärler. Işlemäge derek, gyzlar jynsy taýdan zorlanylýar we tenini satmaga mejbur edilýär.

Hasabatlara görä, her ýyl 50,000 Bangladeşli gyz Hindistana satylýar. Şu ýylyň maýynda Hindistanda TikTok Hridoya ömürlik türme jezasynyň berilmegi bilen, gyzlaryň käbiri özleriniň Hridoy tarapyndan satylandyklary we gaýta-gaýta toparlaýyn zorlanma sezewar bolandyklary ýaly wakalary jikme-jik aýdyp berdiler.

Emma, bu pidalar üçin adalatyň seýrek dabaralanmasydyr.

Bu aýallaryň elhenç başdan geçirmelerine garamazdan, adam söwdagärlerini jenaýat jogapkärçiligine çekmek mümkin däl diýen ýaly. Aklawçylar subutnamalary ýygnamakda halkara hyzmatdaşlygyň pesdigini we biabraýçylygyň aýallaryň adam söwdasy barada dil ýarmagyna böwet bolýandygyny aýdýarlar. Birleşen Patyşalykdaky "Justice and Care" haýyr-sahawat guramasynyň 159 pidanyň gatnaşmagynda geçiren sowalnamasyna görä, gyzlaryň 75% -i adam söwdagärlerine garşy kazyýet işini açmak islemeýär.

Çeşme: Pulitzer Center

  • 635 gezek okalan