AŞGAZANASTY MÄZINIŇ RAK KESELINI BEJERIP BOLARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Täze immun terapiýasyasgazanasty mazinin rak keseli pasiýentde aşgazanasty mäziniň ragynyň ösüşini togtatdy. Bu bejermesi kyn hasaplanylýan rak keseline garşy göreşde seýrek duş gelinýän üstünlikdir.

Amerikan rak keselleri jemgyýetiniň (ACS) maglumatlaryna görä, aşgazanasty mäziniň rak keseli iň ölüm howply raklaryň biri bolup, bu keseliň diagnozy goýlandan soň näsaglaryň diňe 11%-i 5 ýyl ýaşaýar.

Muny nädip amala aşyrdylar: Portlanddaky Providence Cancer Institutynyň we National Cancer Institutynyň alymlary näsagyň immun öýjüklerini rak öýjüklerine (T-cell) hüjüm eder ýaly edip üýtgetdiler. 71 ýaşly Keti Wilkese 2018-nji ýylda aşgazanasty mäziniň ragynyň diagnozy goýuldy. Birnäçe tapgyr himiýa terapiýasy we radiasiýa bejergilerini almagyna garamazdan, rak onuň öýkenine ýaýrapdy.

Bejerginiň netijeleri: Wilkese üýtgedilen rak öýjükleri sanjylanyndan 6 aý soň, onuň rak çişleri asyl ululygynyň dörtden birine çenli azaldy.

Sitata: "Bu diňe bir hadysa degişli hasabat bolsa-da, wajyp açyşdyr. Genetiki taýdan inženerlenen rak öýjükleriniň KRAS mutasiýasyny (adaty öýjüklerdäki belok bozulmalary) üýtgetmäge gönükdirilmegi aýalyň rak çişleriniň ep-esli azalmasyna getirdi" – diýip, lukman-alym @EricTopol ýazdy.

Emma, aşgazanasty mäziniň rak keselinden ejir çekýän başga bir näsag şol bir bejergini alsa-da, keselden gutulmady. Ylmy barlagçylar munuň sebäbine düşünmek ugrunda işleýärler.

  • 712 gezek okalan