ADATDAN DAŞARY HOWALAR GENDER ZORLUGYNY ARTDYRÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Kembrij uniwersitetiniňadatdan dasary howalar täze gözleg synyna görä, klimatyň üýtgemegi gender zorlugyna-da güýçli täsir edýär.

Lancet Planetary Health žurnalynda çykan ylmy barlagda 2000-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli suw joşmalarynyň ýygylygynyň 134%, tupanlaryň 40% we guraklyklaryň 29% ýokarlanandygy aýdylýar.

6 materigiň hemmesinde geçirilen barlaglar birmeňzeş netijäni görkezdiler:

"Adatdan daşary hadysalaryň özleri gender zorlugyna sebäp bolman, zorluk etmek üçin amatly şertleri döredýärler" – diýip, Kembrij uniwersitetiniň alymy Kim van Daalen aýdýar.

Zorlugy döredýän şertlere sosial-ykdysady durnuksyzlykdan başlap, lukmançylyk kömeginiň elýetersizligi, howpsuzlygyň we düzgün-tertibe gözegçiligiň bozulmalary girýär.

Meselem: Bangladeşde güýçli suw joşguny maşgalalary emläginden we ykdysady mümkinçiliklerinden mahrum etdi. Bu köp maşgalalaryň hojalygyň maliýe ýüküni ýeňletmek üçin ýaş gyzlaryny ir durmuşa çykarmagyna sebäp boldy.

Zorluk diňe öýde bolup geçmeýär: Zorluga diňe ýanýoldaşlar ýa-da maşgala agzalary däl-de, eýsem dini ýolbaşçylar, ýardam beriji we hökümet işgärleri hem baş goşup bilýärler.

Çözgüt: Betbagtçylyklary dolandyryş ulgamlaryna bu meseleler barada habar bermeli we gender zorlugynyň öňüni almak boýunça tälim berlen toparlaryň döredilmesi ýaly ýöriteleşdirilen çäreler ýola goýulmaly.

  • 537 gezek okalan