HOWA HAPALANMASYNYŇ ERBETLEŞÝÄN WE GOWULAŞÝAN ÝERLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Täze hasabatdahowa hapa yerleri Nýu-Deli dünýäniň iň hapa howaly şäheri diýip yglan edildi we şäherdäki howa hapalanmasynyň adam ömrüni 10 ýyla çenli azaldýandygy anyklanyldy.

Bangladeşiň paýtagty Dhaka hem Nýu Deliden yza galmaýar we şäheriň ýaşaýjylary howa hapalanmasy zerarly 9 ýyl ömür ýitirýärler.

Umuman, Bangladeş, Hindistan, Nepal we Päkistan howanyň iň hapalanan ýurtlary diýlip hasaba alyndy.

2013-nji ýyldan bäri, global howa hapalanmasynyň takmynan 44% -ne Hindistan sebäp bolýar. Hünärmenler hapalaýjy ownujak maddalaryň ujypsyz derejede azalmagy üçin 15 ýyl töweregi wagtyň gerek boljakdygyny aýdýarlar.

Emma Hytaý muny başaryp boljagyny görkezdi.

2013-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Hytaýyň uly şäherlerinde howadaky howply maddalaryň derejesi awtoulaglara we kömrüň ýakylmagyna goýlan çäklendirmeler sebäpli 40% peseldi.

Pekin ýaly şäherlerde howa hapalanmasy henizem ýokary derjede, ýöne ýurduň progres gazanmakda ajaýyp mysaldygy bellenilýär. Çünki, howa hapalanmasy global ömür dowamlylygyny çilime, alkogola we ýaramaz sanitariýa seredende juda köp kemeldýär.

Dünýäniň beýleki ýerlerinde howa hapalanmasy artsa-da, diňe Hytaýda onuň azalmagynyň netijesinde 2013-nji ýyldan bäri dünýäde howa hapalanmasynyň ortaça derejesi ýokarlanmady.

  • 603 gezek okalan