AÝAL JYNS AGZASYNA ŞIKES ÝETIRILMEGI HENIZEM ADATY ÝAGDAÝ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Sierra Leoneayal jyns agzasyna sikes Saharanyň günortasyndaky Afrika döwletleriniň arasynda henizem aýal jyns agzasyna şikes ýetirilmegini gadagan etmedik az sanly ýurtlaryň biri bolup, bu däp ýurduň etnik toparlarynyň köpüsinde şu güne çenli dowam etdirilýär.

Köp asyrlyk bu dessur jynsy arassalyk, tabynlyk we kontrolda saklamak düşünjeleri bilen baglanyşdyrylýar.

Bu tejribä garşy toparlar gadagançylygy talap etmegini dowam edýärkä, Sierra Leonyň dürli ýerlerinde bu baradaky jedeller ýitileşdi. Käbir gyzlar bu proseduradan ýüz öwrüp, "bir nesil ozal hem göz öňüne getirip bolmajak boýun egmezlik hereketiniň" jogapkärçiligini öz üstlerine alýarlar.

Emma, munuň durmuşa çykmakdan gadagan edilmek we medeni çärelerden üzňeleşdirilmek ýaly, agyr netijeleri bar. Ýöne ÝUNISEF ýaly aýal jyns agzasyna şikes ýetirilmegine garşy göreşýän guramalar beden agzasyny kesmekden daşary has uly manysy bolan bu milli däbe täzeçil seredýärler.

"ÝUNISEF jebisleşmeli boldy. Biz indi has kesgitli bolmaly bolýarys: Biz çagalary alada edýäris. Biz aýallary göz öňünde tutmaýarys. Aýallar bedenleri bilen islän zadyny etmäge hukukly bolmaly" – diýip, Nankali Maksud belleýär.

  • 669 gezek okalan