URUŞ ÝALY KÖNE ERTEKI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

urus yaly kone ertekiUrşuň bar ýerinde jynsy zorlugyň bolýanlygy bütin dünýä mälim.

Save the Children fondunyň 19-njy iýunda çykaran täze hasabatynda konfliktleriň içinde galan çagalaryň sanynyň artýandygy we olaryň elhenç başdan geçirmeleriniň jikme-jikleri beýan edilýär.

Häzirki wagtda konflikte baş goşýanlar tarapyndan jynsy zorlanma töwekgelçiliginde bolan çagalaryň sany 1990-njy ýyldakydan ~10 esse köp.

Çagalara konflikt bilen bagly jynsy zorlanma howpy abanýan ýurtlar:

↪ Ýemen - 83%;

↪ Somali - 56%;

↪ Yrak - 49%;

↪ Siriýa - 48%;

↪ Kolumbiýa - 24%;

↪ Günorta Sudan - 19%.

Çagalaryň arasynda ýetginjek gyzlar zorlanma iň köp sezewar bolýarlar. Hatda, olaryň esgerler tarapyndan zorlanylmagy, AIW infeksiýasy, islenilmedik göwrelilik, agyr trawma, biabraýçylyk we bularyň gaýtalanmagyndan gorkmak ýaly başdan geçirenlerini diňlemegem ýüregiňi gyýýar.

BMG-nyň Ilat Gaznasynyň Konfliktlerde jynsy zorluk boýunça ýörite wekili Pramila Patten: "Jynsy zorluk urşuň iň köne, iň köp dymdyrylan we iň az ýazgarylýan jenaýaty" diýýär.

Emma, konfliktler hukuk goraýjy edaralaryň tagallalaryny puja çykarýarlar we meseläni ygtybarly yzarlamak mümkinçiligini peseldýärler. BMG her habar berlen zorlamanyň ýanynda ýene 10–20 habar berilmedik zorlamanyň bolup geçýändigini çaklaýar.

1919-njy ýyldan bäri jynsy zorluk uruş jenaýaty hasaplansa-da, adamlaryň onuň üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi 80 ýyl wagt aldy.

Jynsy zorluk babatda halkara jemgyýeti "Global Magnitskiý kanuny" ýaly kanunlara salgylanyp, konflikte baş goşýan şahslara zyýan beriji sanksiýalary girizip bilýär (Meselem: Burma, Myanmar).

  • 539 gezek okalan