HOWPSUZ SANITARIÝA MÄTÄÇLIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

period povertyAýbaşy garyplygy – bu aýbaşa degişli önümlere, bilime, gigiýena serişdelerine, zyňyndy dolandyryjy ulgamlara ýa-da olaryň birnäçesine bolan elýetersizlikdir. Bu elýetersizlik dürli sebäplere görä ýüze çykyp bilýär: maddy kynçylyklar, medeni däp-dessurlar, şeýle-de sosial, ykdysady we syýasy sebäpler.

Aýbaşy garyplygy aýbaşyny başdan geçirýän ~45 million bosgunlaryň arasynda çözülmedik uly meseleligine galýar. Garyplyk aýallary prokladkalaryň ýerine gazetleri, ýapraklary we hatda, çagalaryň eşiklerini ulanmaga mejbur edýär.

Bosgunlaryň lagerlerindäki arassaçylygyň we suwuň hiliniň pes şertlerinde prokladkalaryň ýerine ulanylýan serişdelerden infeksiýa döräp biler.

Hökümete degişli däl guramalaryň birnäçesi aýal-gyzlaryň gigiýenik serişdelerini paýlaýarlar, ýöne bularyň köpüsi diňe 1 aýa ýeterlik, hili pes prokladkalardan ybarat.

Şahsy gizlinligiň ýoklugy: Arassa suwly we hususy hajathanaly lagerlerde gaýtadan ulanylýan önümleri hödürlemek, elýetersiz we bir gezek ulanylýan önümlere bolan garaşlylygy azaldyp biler. Ýöne, umumy hajathanaly wagtlaýyn lagerlerde gaýtadan ulanylýan önümleri gizlinlikde ýuwmaga şert bolmaýar. Bu hem kämahal aýallary jynsy erjeşmä we hüjüme sezewar edýär.

  • 95 gezek okalan