BSGG MAÝMYN MAMASY BARADA DUÝDURYŞY GÜÝÇLENDIRDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Iýulyň 23-ne BSGGbsgg maymyn mama duydurys maýmyn mama keseliniň ýaýramasyny Jemgyýetçilik saglygynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi. Şeýlelikde, maýmyn mamasy COVID-19-yň we poliomiýelitiň hataryna goşuldy.

BSGG-nyň baş müdiri Tedros Gebreýesus bu jarnamanyň kabul edilmeginde uly rol oýnap, keseliň häzire çenli erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekleriň, esasan hem birden köp jynsy gatnaşyk edýän ýoldaşlary bolanlaryň arasynda ýaýrap gelýändigini nygtady.

BSGG-nyň maýmym mamasyny adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etmeginiň sebäpleri:

↪ Hadysalaryň barha köpelmegi we olaryň ençemesiniň anyklanylman galýan bolma ähtimallygy;

↪ Ýokuşmalaryň täze görnüşleri barada näbellilikler;

↪ Keseliň global derejede ýaýrama howpunyň ýokarlanmagy;

↪ Jarnama waksinanyň oýlap tapylmagyny we kesele garşy görülýän çäreleri tizleşdirip biler.

Ekspertleriň köpüsi maýmyn mamasynyň adatdan daşary ýagdaý diýip öňräk yglan edilmändigine geň galdylar. Geýleriň hukuklaryny goramak ugrunda göreşýänler hem bu jarnamanyň iň ejiz toparlary goramaga kömek etjekdigine ynam bildirýärler. Şol bir wagtda, garşydaş pikirliler keselden ölýänleriň ujypsyzdygyny mysal getirip, jarnamanyň erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkeklere bolan negatiw garaýyşlary artdyryp biljegini aýdýarlar.

Mama keseliniň üstünde geçirilen iň uly göwrümli halkara ylmy barlagda keseliň täze alamatlary bellenilip geçilýär we onuň jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän başga kesel hökmünde anyklanylýan bolmagynyň mümkindigine üns çekilýär.

  • 629 gezek okalan