ULY FARMASEWTIK KOMPANIÝALARYŇ ULY WADASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

farmasewtik uly wadasyModerna, Pfizer we beýleki uly farmasewtik kompaniýalar pandemiýalaryň dörän ýagdaýynda waksinalara we bejergilere deň derjede elýeterliligi üpjün etmegi wada berdiler.

19-njy iýulda kabul edilen Berlin Deklarasiýasynda:

↪ Kompaniýalar pandemiýanyň dowamynda öndürilýän waksinalaryň we bejergi serişdeleriniň bir bölegini pes girdejili ýurtlaryň ejiz ilatlary üçin saklamagy wada berdiler.

↪ Kompaniýalar intellektual eýeçilik hukuklarynyň goralmalydygyny we bu hukuklaryň innowasiýanyň esasy ugrukdyryjysydygyny nygtadylar. (Hindistan we Günorta Afrika ýaly ösüp barýan ýurtlar intellektual eýeçilik hukugynyň elýeter edilmelidigini köpden bäri öňe sürüp gelýärler. Şeýle edilse ýurtlarda esasy dermanlaryň umumy görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik bolar.)

↪ Hökümetlerden başlap haýyr-sahawat guramalaryna çenli, beýleki global saglyk liderleri eksport gadagançylygy bilen päsgel bermän, "bilelikde herekete" we ýardam etmäge çagyryldy.

Oksfam muňa ynanmaýar: "Berlin Deklarasiýasy pandemiýadan girdeji gazanýanlaryň islegi. Has takygy, farmasewtik kompaniýalar jogapkärçilikden we çykdajydan gaça durup, döwletiň puluny nä mukdarda alýanlygyna garamazdan, monopoliýany hem-de aşa peýda görmegi dowam etdirmek isleýärler. Bu deklerasiýanyň ygtybarlylygy gazylyp alynýan energiýa kompaniýasynyň daşky gurşawa ýaramly işleri edýän ýaly görünjek bolşunyňka meňzeýär" diýip, Oksfamyň işgäri Anna Marriott belleýär.

  • 129 gezek okalan