ALKOGOL IÇMEK 40 ÝAŞA ÝETMEDIKLERIŇ SAGLYGYNA HOWP SALÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

alkogol 40 yasTäze global ylmy barlag kyrkdan ululara garanyňda 40 ýaşa ýetmedikleriň alkogol içmesiniň saglyk töwekgelçilikleriniň has ýokarylygyny we peýdasynyň asla ýoklugyny görkezdi.

Ýaşlaryň alkogolly içgileri içmekden doly saklanmalydygyny gözlegi geçiren ylmy barlagçylar aýdýarlar.

Seljermede geografiki sebit, ýaş, jyns we ýyl boýunça alkogolly içgiler bilen bagly saglyk töwekgelçiliklerini (alkogol bilen baglanyşykly şikesler hem degişli) kesgitlemek üçin 204 ýurtdan toplanan maglumatlar ulanyldy.

Esasy netijeler:

↪ 2020-nji ýylda ~1,34 milliard adam zyýanly mukdarda alkogol sarp edipdir.

↪ Zyýanly mukdarda içgi içenleriň 59%-i 15-39 ýaş aralygyndaky adamlar.

Ýokary töwekgelçilikde bolanlar: 15–39 ýaş aralygyndaky erkekler. Bir kiçi stakandan artyk piwo erkekleriň saglygy üçin howpludyr. 40 ýaşa ýetmedik aýallar üçin bolsa, gündelik howpsuz içginiň mukdary 2 nahar çemçesi çakyra deňdir.

Emma: 40 we ondan ýokary ýaşly sagdyn adamlara ortaça mukdarda alkogol, ýagny günde kiçi stakan gyzyl çakyr içmek ýürek keseliniň, insultyň we süýji keseliniň töwekgelçiligini birneme peseldip biler.

Başga bir ylmy gözlege görä, hepdede 7 gezek (56 gr) ýa-da ondan köp alkogol içmek beýnidäki demriň derejesini galdyryp biler. Beýnide demriň artykmaç derejeleri bolsa Alsgeýmeriň we Parkinsonyň keselleri bilen baglanyşdyrylýar.