ÝOKARY AHLAK HÄSIÝETINIŇ SAGLYGA PEÝDASY
Häsiýetleriň fiziki we akyl saglygyndaky ornuny öwrenen ylmy barlagçylar "gowy bolmagyň özüňe peýdalydygyny" aýdýarlar. Garward uniwersitetiniň Human Flourishing we SHINE programmalarynyň 1200-den gowrak kämillik ýaşyndaky amerikanlylaryň gatnaşmagynda geçiren barlagynda ýokary ahlakly hereketleriň depressiýanyň töwekgelçiligini azaldýandygy we ýürek-damara peýdasynyň bolup biljekdigi anyklanyldy.
Barlagda gatnaşyjylar özlerini bäş ölçeg boýunça bahalandyrdylar:
↪ "Men ähli ýagdaýlarda, hatda kyn we erbet ýagdaýlarda-da ýagşylyk edýärin";
↪ "Elmydama näme edenimde dogry boljagyny bilýärin";
↪ "Hemişe hemmelere hoşniýetli çemeleşýärin";
↪ "Elmydama gelejekde has bagtly bolmak üçin häzirki bagtymdan birneme el çekip bileýärin";
↪ "Güýjümi başgalara kömek etmek üçin ulanýaryn".
- 618 gezek okalan