HÄZIRKI ZAMAN GULÇULYGY: MEJBURY ZÄHMET WE MEJBURY NIKA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

hazirki zaman gulculygyHalkara Zähmet Guramasy (HZG), "Walk Free" halkara adam hukuklary guramasy we Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) tarapyndan taýýarlanylan hasabata görä, islendik günde 49.6 million adam döwrebap gulçulyga sezewar bolýar. Olar ýa öz isleglerine garşy işledilýärler ýa-da mejbury nikada saklanylýarlar.

Umumy görkezijiniň 56%-ini mejbury zähmet eýeleýär, ýagny 27.6 million adam. Bu 2016-njy ýyldaky hasabatdan 2.7 million köp. Aýal-gyzlar mejbury zähmete sezewar edilýänleriň 11.8 millionyny, çagalar bolsa 3.3 millionyny düzýärler.

Mejbury zähmetdäkileriň sany boýunça ilkinji orunlardaky dünýä sebitleri: Aziýa-Ýuwaş okean sebiti (15.1 million), Ýewropa we Merkezi Aziýa (4.1 million), Afrika (3.8 million), Amerika (3.6 million) we Arap döwletleri (0.9 million). Mejbury zähmetiň 86%-i hususy ykdysadyýetde ýüze çykyp, kämillik ýaşyndan geçenleriň 87%-i hyzmat pudagynda, önümçilikde, gurluşykda, oba hojalygynda we öýde işleýärler. Migrantlaryň migrant dällere seredeniňde mejbury zähmete sezewar bolma ähtimallygy üç esse ýokary.

2021-nji ýylyň Global Hasaplamasy islendik wagtda 3.9 million adamyň döwlet tarapyndan gurnalan mejbury zähmetde tapylýandygyny görkezýär. Döwletiň mejbury zähmetinde işleýän her 4 adamyň üçüsini ýa-da ondan gowragyny erkekler we 8%-ini çagalar düzýärler. Hadysalaryň ýarysyndan köpüsi (55%) tussaglykda mejbury işledilmeleri, 27%-i harby gulluk etmäge zorlamalary, 17%-i ykdysady ösüş ýa-da adaty raýatlyk borçlaryndan daşary mejbury zähmete çekmeleri öz içine alýar.

Türkmenistan

Hasabata görä, BMG-nyň adam hukuklaryny goraýjy edaralary Türkmenistanda talyplaryň, döwlet we hususy pudagyň işgärleriniň az tölegli ýa tölegsiz mejbury döwlet pagta ýygymyna gatnaşdyrylýandygy we ýüz öwrenleriň uly jerimeler bilen gorkuzylýandygy babatda çuňňur alada bildirdiler. Şeýle hem, Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, kazyýet şäherleriň we obalaryň köçelerini arassalamak, jemgyýetçilik ýerlerini abatlamak, obalarda işlemek (hasyl ýygmak, maldarçylyk, guşçulyk bilen meşgullanmak) hem-de tebigy betbagtçylyk (siller, ýer titreme) bolan ýerlerde zyýany azaltmak üçin işlemek ýaly jemgyýetçilik işlerinde zähmet çekmegi administratiw jeza hökmünde berip bilýär.

Çeşme

  • 600 gezek okalan