TALIBANYŇ ENELERIŇ WE ÇAGALARYŇ SAGLYGYNA ELHENÇ TÄSIRI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

John Hopkins Uniwersitetiniň täze hasabatyna görätalibanyn elhenc tasiri, Owganystanda Talibanyň hökümeti ele geçireni bäri saglyk işgärleri ýurtda enäniň we çaganyň saglyk ideginiň ýaramazlaşandygyny aýdýarlar.

↪ Sowalnama gatnaşan 131 saglyk işgäriniň 44%-e golaýy iş şertlerini "erbet" ýa-da "örän erbet" diýip häsiýetlendirdi.

↪ Ýarysyndan gowragy 2021-nji ýylyň awgustyndan bäri yzygiderli töleg tölenmeýändigini aýtdy.

↪ Üçden birinden hem köpüsi ene, bäbek we çaga ölüminiň artandygyny çaklady.

Hasabatyň awtordaşy, aklawçy Leonard Rubenstein we beýleki awtorlar meseläni Talibanyň aýallara zulum etmegi bilen baglanyşdyrdylar. Ýagny, aýallar lukmançylyk kömegini almakdan gorkýarlar we aýal lukmanlar erjeşmä, haýbata, zorluga sezewar bolýarlar.

Näme kömek edip biler?

↪ Donorlar saglyk ulgamyna we saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamaga maýa goýmaly. Ýemen we Zimbabwe ýaly ýurtlaryň nusgalaryna eýerip, saglygy goraýyş hyzmatlaryny özgertmeli we oňa hökümetiň gatyşmagyny çäklendirmeli.

↪ Aýallara edýän süteminini bes etmegi üçin Talibana basyş etmeli. "Olaryň syýasatlary daşa ýazylan däldir. Şol sebäpli basyş zerurdyr" – diýip, Rubenstein belleýär.

  • 55 gezek okalan