KAZYÝETLER ÜÇIN NUSGALYK KARAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kazyyetler ucin nusgalyk kararŞu ýylyň fewralynda Kolumbiýanyň ýokary kazyýeti abort gadagançylygyny aýyrdy. Indi Kolumbiýada dünýäniň iň liberal kanunlaryndan biri bar.

Emma bu elmydama beýle däldi.

2006-njy ýylda aklawçy Monika Roa ýurduň abort gadagançylygyna üstünlikli garşy çykdy. Ol birnäçe üýtgeşiklik edip, özgerişleri amala aşyrmakda Kongresiň däl-de, ýurduň ýokary kazyýetiniň iň gowy netije berjekdigini görkezdi. Şondan bäri ýurtdaky feminist hereketler abort gadagançylygyny aýyrmak üçin göreşdiler we geçen fewralda ýeňiş gazandylar.

Indiki kynçylyk: Kazyýetiň fewraldaky karary howpsuz we kanuny abortlara elýeterliligi üpjün etjek giň gerimli jemgyýetçilik syýasatyny hem talap edipdi. Abort etdirmek hyzmatyny ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna goşmak aborty goldaýanlaryň indiki uly kynçylygydyr.

Çeşme

  • 64 gezek okalan