ÝB WE BSGG TÜRKMENISTAN BILEN SAGLYK HYZMATDAŞLYGYNY DOWAM ETDIRERLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yb we bsgg turkmenistanda2022-2026-njy ýyllarda, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) maliýe kömegi bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisinde (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) 10 million ýewrolyk taslama durmuşa geçiriler. Taslamany BSGG/Ýewropa amala aşyrar we onuň netijesinde 5 ýurduň saglygy goraýyş ulgamy mäkämleşer.

Ilkibaşda maliýe serişdeleri aşaky maksatlar üçin ulanylar:

↪ COVID-19 waksinasiýasyny artdyrmak;

↪ COVID-19 we beýleki öňüni alyş sanjymlarynyň meýilnamasyny düzmek we durmuşa geçirmek;

↪ Waksinasiýa geçirýän saglyk işgärlerini we hünärmenleri türgenleşdirmek;

↪ Immunizasiýa maglumat ulgamyny kämilleşdirmek.

Şeýle hem, taslama waksinalar bilen öňüni alyp bolýan kesellere gözegçilik etmegi, geljekde şeýle keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak we olara garşy göreşmek üçin sanly çözgütleri güýçlendirer.

Bu 4 ýyllyk taslama 5 ýurtda her ýyl millionlarça adamyň saglyk töwekgelçiligini azaltjak täsirli syýasaty ornaşdyrmak üçin ýokary hilli saglyk maglumatlaryny ýygnamak hem-de ulanmak mümkinçiligini bahalandyrmaga we ýokarlandymaga ýardam eder.

Taslamanyň çäginde häzire çenli:

↪ Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Türkmenistanda COVID-19-a jogap beriş güýçlendirildi;

↪ 2020-2022-nji ýyllarda 5200-den gowrak saglygy goraýyş işgärleri infeksiýanyň öňüni alyş, gözegçilik, immunizasiýa, hadysalary dolandyryş, töwekgelçilikli ýagdaýlarda aragatnaşyk we laboratoriýa howpsuzlygy boýunça türgenleşdirildi;

↪ Test etmek mümkinçiligini artdyrmak, agyr simptomly näsaglara ideg etmek üçin zerur lukmançylyk enjamlary hassahanalara we barlaghanalara gowşuryldy.

Ýatlatsak, Türkmenistan dünýäde СOVID hadysalaryna we adam ýitgilerine degişli sanlary habar bermedik ýurt bolmagyna galýar.

Çeşme

  • 470 gezek okalan