PREZERWATIW HABARLYLYGYNY ARTDYRMAKDA NUSGALYK TEJRIBE

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

kelemler we prezerwatiwlerTaýlandyň Pattaýa regionyndan "Jenap Prezerwatiw" lakamly Mechai Wirawaidýa ömrüne göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri bilen bagly stigmalary ýok etmek ugrunda iş alyp bardy. Ol Taýlandda prezerwatiwleriň öz ady bilen, ýagny "Mechais" diýip atlandyrylmagyna-da garşy däl. Wirawaidýa prezerwatiw habarlylygyny artdyrmak we sosial ösüş üçin prezerwatiw dizaýnly "Kelemler we Prezerwatiwler" restoranyny hem açdy.

Ol özüniň üýtgeşik durmuş tejribesini şeýle paýlaşdy:

Başlangyç maglumat: Wirawaidýa ozaldan maşgalany meýilleşdirmegiň möhümdigine göz ýetiripdir we göwreliligiň öňüni alyş serişdelerine elýeterliligi artdyrmak isläpdir. Wirawaidýa: "Eger göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri işe ýaraýan bolsa, onda prezerwatiwleri obalarda kelem tapmak aňsatlygy ýaly elýeterli edilmeli" – diýip, öz restoranynyň adyna näme üçin "Kelemler we Prezerwatiwler" goýanyny düşündirdi.

Onuň prezerwatiw habardarlylygyny artdyrmakda täsin ýaranlary:

Buddist ruhanylar: Wirawaidýanyň topary maşgala meýilleşdirmegi goldaýan dini ýazgylary öwrenmek üçin dini alymlar bilen işleşdi.

Polisiýa: Ýol hereketiniň düzgünlerine seredýän polisiýa bilen ulag dykyklarynda prezerwatiwleri paýladylar.

Harbylar: 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, Taýlandda AIW ýüze çykan mahaly mediýada wirus barada maglumat bermek gadagan edilipdi. Wirawaidýa harby ýolbaşçylardan goldaw alyp, 300 sany radioýada we 2 sany telewidenýede prezerwatiwleriň jany halas edýänligi barada maglumat berdi.

Häzir 82 ýaşyndaky Wirawaidýa, Taýlandyň demirgazyk-gündogaryndaky Mechai mekdebinde ýaşlara jemgyýeti ösdürmek üçin döredijilikli çemeleşmegi öwredýär.

Çeşme

  • 570 gezek okalan