INÇEKESELE GARŞY HEREKETSIZLIGIŇ TRILLION DOLLARLYK BAHASY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

incekesel trillion dollarlyk bahasy15-16-njy Noýabrda, dünýäniň güýçli ykdysadyýetli döwletleriniň wekilleri Indoneziýanyň Bali şäherinde geçirilen G20 sammitine gatnaşdylar. Onuň gün tertibinde inçekesel adatdan daşary mesele bolup durýar.

Inçekesel ýüki agyr bolan Indoneziýa, G20 sammitinde kesele garşy göreşmek ugrunda ilkinji çagyryşy berdi. Geçen ýyl inçekesel 1.6 million adamyň ölümine sebäp bolup, COVID-19-dan soň iň ölümçilikli ýokanç keselleriň ikinjisidir.

Inçekesel garyplygyň keseli hasaplanýar, ýöne inçekesel bilen kesellänleriň ýarysyny G20 ýurtlaryň ilaty düzýär. "Bu keseliň soňuna çykmak üçin G20 döwletlerini aýgytly orunda goýýar" – diýip Stop TB Partnership-iň ýerine ýetiriji müdiriniň orunbasary Suwanand Sahu aýdýar.

Gymmada düşjek tagallalar: Stop TB Partnership-iň 8 ýyllyk global meýilnamasyna görä, 2030-njy ýyla çenli inçekeseli ýok etmegiň bahasy $250 milliard bolar.

Emma kesele garşy hereketsizligiň bahasy has gymmat: $1 trillion gowrak bolar.

Çeşme