RUSSIÝANYŇ UKRAINADAKY TÄZE ÝARAGY: GYŞ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

russiyanyn ukrainadaky taze yaragyRussiýanyň güýçleri Ukrainanyň energiýa we ýyladyş infrastrukturasyna hüjümlerini dowam etdirýärkä, ýurduň saglygy goraýyş ulgamy ýowuz gyşa taýynlanýar.

↪ Ukrainanyň energiýa infrastrukturasynyň ýarysy ýumruldy.

↪ Ýurduň käbir ýerlerinde temperatura – 20°-a çenli sowap biler.

↪ Häzirki wagtda, 10 million ukrainaly elektriksiz galdy.

"Ukrainanyň saglyk ulgamy urşuň iň garaňky günleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýagny, wirus infeksiýalaryň artmagy we inkubatorlar, öýken wentilýatorlary, gan saklamak üçin sowadyjylar ýaly iň zerur enjamlaryň ýetmezçilik töwekgelçiligi bar" – diýip, BSGG-nyň Ýewropa boýunça sebit direktory Hans Kluge iki ýurdy hem ynsanperwer kömege ýol bermäge çagyrdy.

Donetskdäki 17000 AIW hassalarynyň ýakyn wagtda wirusa garşy dermanlary gutaryp biler. Bu derman AIW keselileriň ömrüni halas ediji dermandyr.

Öňümizdäki gyşda, 3 million ukrainalynyň öýlerini terk etmegi mümkin. Hökümet elektrik togunyň, suwuň we ýyladyşyň dowamly kesilmegi zerarly ýaşaýjylary otlyda gyssagly göçürmäge başlady.

71 ýaşly Galina Zahorodnik ýaly käbir adamlar öýüni terk etmek islemeýär. Galinanyň haýyr-sahawatda berilen ýekeje ýyladyjy elektrik lampasy bar. Ondan elektrik kesilse näme etjegini soranlarynda, "Bilmedim. Belki, kitaplarymy ýakaryn" – diýip jogap berdi.

  • 473 gezek okalan