GIRDEJÄ GÖNÜKDIRILEN IDEGIŇ HOWPLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

girdeja gonukdirilen idegin howplarySoňky on ýylda, ABŞ-da maýadarlaryň dolandyrýan hususy toparlary lukmanlarynyň ofislerini, göz saglygynyň klinikalaryny, diş klinikalaryny we müňlerçe lukmançylyk merkezlerini satyn aldylar.

Kaiser Health News-yň derňew hasabatyna görä, bu üýtgeşme maýadarlaryň has köp girdeji gazanmagy üçin bahalary gymmatlatdy we idegiň hilini peseltdi.

Klinikanyň meselesi: gerekmejek ýa-da kemter ideg berýär. Stomotologiýa kompaniýasyna garşy kazyýet işini açan bir hassa: "Kompaniýa kän bejergi belleýär, ýaramaz bejerýär we artykmaç töleg alýar" – diýdi.

Biznesiň meselesi: maýadarlaryň arasyndan çykyş etmek kararyna gelenleriň aýtmagyna görä, girdeýjini artdyrýan strategiýalar hassalar üçin zyýanly bolup, federal hökümetiniň ýalan beýanlar we para garşy kanunlary bozýar.

"Olaryň modeli gysga möhletli maliýe maksatlaryna ýetmek we munuň üçin bolsa aňsat, arzan, çalt ýoly saýlamaly bolýarlar" – diýip aklawçy, Mary Inman belleýär.

Çeşme

  • 489 gezek okalan