AGYZ SAGLYGY MESELELERI GIŇDEN ÝAÝRAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

BSGG-nyň täze gözlegineagyz saglygy meseleleri görä, dünýä ilatynyň ýarysyna golaýy diş çüýreme (karies), ýiti diş eti keseli we agyz ragy ýaly agyz boşlugynyň keselleri bilen göreşýärler.

3.5 milliard adam (aglabasy pes we orta girdejili ýurtlardan) agyz boşlugynyň kesellerinden ejir çekýärler. Şolaryň 2.5 milliardynda bejerilmedik diş çüýremesi bar.

Uly deňsizlik: Diş bejeriş enjamlarynyň gymmatlygy we diş enjamlaryna ýöriteleşen üpjün edijileriň zerurlygy sebäpli ençeme ýurduň esasy saglygy goraýyşynda diş hyzmatlary ýetmezçilik edýär.

Hasabata görä, agyz boşlugynyň keselleri şekeriň, temmäkiniň, alkogolyň köp mukdarda sarp edilmegi zerarly artýar.

"Global saglyk ulgamynda agyz saglygy köpden bäri äsgermezlik edilýär, ýöne ençeme agyz keselleriniň öňüni alyp we bejerip bolýar" – diýip BSGG-nyň ýolbaşçysy Tedros Adhanom Gebreyesus belledi.

Esasy öňüni alyş çärelerine agyz saglygy idegini esasy saglygy goraýyş ulgamyna we diş bejergisini ähliumumy saglyk ätiýaçlandyryşyna goşmak degişlidir.

Çeşme

  • 503 gezek okalan