ABŞ-DA DERMANHANALAR INDI ABORT DERMANLARYNY SATYP BILERLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dermanhanalarda abort dermanlaryABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi (FDA) CVS ýaly bölekleýin satuw dermanhanalara abort dermanlaryny satmaga rugsat berdi. Bu medikamentoz (dermanly) abortyň elýeterliligini ep-esli ýokarlandyrar.

ABŞ-daky abortlaryň ýarysyndan gowragynda iki tapgyrly kabul edilýän dermanlaryň biri bolan mifepriston ulanylýar. Öň bu dermany diňe sertifikatlaşdyrylan lukmanlardan ýa klinikalardan ýa-da poçta sargytlary boýunça derman iberýän belli dermanhanalardan alyp bolýardy.

Täze düzgün mifepristony ulanyjynyň hut özüne bermek talabyny ýatyrdy we dermanhanalara dermany satmak üçin ygtyýarnama almaga mümkinçilik döretdi. Emma, näçe dermanhananyň satyş ygtyýarnamasyny aljagy näbelliligine galýar. Abort gadagançylygy bolan ştatlardaky dermanhanalar henizem mifepristony satmakda päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.

Talap we üpjünçilikden başga-da, käbir ştatlarda dermanhanalaryň abort dermanlaryny satmak üçin ygtyýarnama almak isleginde jemgyýetçilik pikiriniň möhüm rol oýnamagy mümkin.