ÖZBEGISTANDA 18 ÇAGANYŇ ÖLÜMI HINDI SIROBY BILEN BAGLANYŞDYRYLÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Özbegistanyň Saglyk ministrliginedok 1 maks görä, azyndan 18 çaga Hindistanyň Marion Biotech Pvt Ltd derman öndüriji kompaniýasynyň Doc-1 Max sirobyny içenden soň öldi. Çagalara siroplar lukmanyň dermannamasy bolmazdan berlipdir. Doc-1 Max sirobyň düzüminiň esasy böleginiň parasetamol bolany üçin, ony ene-atalar özbaşdak ýa-da dermanhana satyjylarynyň maslahat bermegi bilen sowuklama garşy derman hökmünde nädogry ulanypdyrlar. Bu näsag çagalaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolupdyr.

Marion Biotech kompaniýasynyň resmi wekili kompaniýanyň ölen çagalara gynanç bildirýändigini we sirobyň önümçiligini togtadandygyny habar berdi.

  • 62 gezek okalan