ÖZBEGISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA KORRUPSIÝA GARŞY GÖREŞ ÝYLY
Özbegistanyň saglygy goraýyş ministri Amrillo Inoýatow 2023-nji ýyly saglygy goraýyş ulgamynda korrupsiýa garşy göreş ýyly diýip yglan etdi. "Işiň gurluşyny, esasanam şepagat uýalarynyň bäbekhanalarda hoşallyk pullaryny ("aklyk") alýandygyny, kesarewo kesimi operasiýasy üçin alynýan paralary, tanyş üsti bilen buýruklaryň berilýändigini hemmeler bilýär" – diýip, Amrillo Inoýatow belledi.
- 366 gezek okalan