COVID-IŇ XBB.1.5 ŞTAMY BARADA NÄME BILÝÄRIS?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid xbb 1 52022-nji ýylyň dekabrynyň soňky hepdesinde ABŞ-daky COVID-19 hadysalarynyň 44.1 %-ne XBB we XBB.1.5 ştamlarynyň sebäp bolandygy çaklanylýar. BSGG görä, bu ştamlar dünýäniň 28 ýurdunda hasaba alyndy. XBB.1.5 ştamy häzire çenli bellige alnan Omikron-yň iň ýokançly görnüşidir. Bu ştamyň düzümindäki mutasiýalar öýjüklere birikmäge we aňsat köpelmäge mümkinçilik berip, onuň çalt ýaýramagyna getirýärler.

Sitata: "Bütin dünýäde täze infeksiýa tolkunlarynyň ýüze çykmasyna garaşýarys, ýöne bu täze ölüm tolkunlaryna eltmez. Sebäbi, kesele garşy çärelerimiz (waksinalar, bejergiler) netijeliligini görkezýär" – diýip, BSGG-nyň epidemiology Van Kerkhove aýtdy.

Maska dakynmaga çagyryş: 11-nji ýanwarda BSGG-nyň resmileri ABŞ-da COVID-19-yň XBB.1.5 ştamynyň çalt ýaýraýandygyny göz öňünde tutup, döwletleri uzak aralyga uçýan ýolagçylara maska ​​geýmegi maslahat bermäge çagyrdy. Ýewropada XBB.1.5 ştamy kän hasaba alynmasa-da, çalt ýaýraýar. Ekspertlere görä, bar bolan waksinalar agyr simptomlardan, hassahana düşmekden we ölümden goraýar.