MILLIONLARÇA ÇAGALARYŇ ÖLÜMINIŇ ÖŇÜNI ALYP BOLARDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

BMG-nyň soňky hasaplamalarynacaga oluminin onuni alyp bolardy görä, 2021-nji ýylda 5 ýaşyna ýetmedik 5 million çaga ölüpdir. Şol ýylda 5-24 ýaş aralygyndaky çagalaryň ölümçiligi 2.1 million bolup, 1.9 million çaga öli doglupdyr. Şeýle-de, Saharanyň günortasyndaky Afrika ýurtlary dünýäde diri doglan çagalaryň bary-ýogy 29 %-ini, emma 5 ýaşa ýetmän ýogalan çagalaryň 56 %-ini düzýärler. Günorta Aziýada bolsa bu görkeziji 26%.

Ýatlatsak, Türkmenistan hem Merkezi Aziýa sebitinde 5 ýaşa çenli çagalaryň ölümçiliginiň iň köp bolup geçýän (her 1000 çagadan 46 çaga) ýurdy bolup galýar.

Ilkinji lukmançylyk kömegini üpjün edýän ulgamlary gowulandyrmak bilen ençeme ölümiň öňüni alyp bolardy. Pnewmoniýa, gyzzyrma we içgeçme ýaly ýokanç keseller iň köp ölümlere sebäp bolýan howplardandyr.

Käbir hoş habarlar: Hasabat 2000-nji ýyldan bäri ilkinji lukmançylyk kömegine goýulýan maýa goýumlaryň netijesinde global ölümçiligiň derejesiniň peselendigini görkezýär. Ýöne, 2010-njy ýyldan bäri ösüşiň bady gowşady we 54 döwlet 5 ýaşdan kiçi çagalaryň ölümini azaltmakda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetip bilmez.

COVID-iň täsiri: Çagalara berilýän esasy saglyk ideglerine we waksinasiýalaryň geçirilmegine pandemiýanyň salan bökdençlikleri birnäçe ýyllap çagalaryň saglygyna we abadançylygyna howp salyp biler.

Çaklanylýan görkezijiler: Saglyk hyzmatlaryna elýeterliligi gowulandyrmak üçin gyssagly çäreler görülmese, 2030-njy ýyla çenli 59 milliona golaý çaga we ýetginjek öler we 16 milliona golaý çaga öli doglar.

  • 364 gezek okalan