HINDISTANYŇ DERMAN ÖNDÜRIJILERINIŇ SÄWLIGI GLOBAL SAGLYGA HOWP SALÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

hindistan derman howp salyar2022-nji ýylyň dekabrynyň ahyrynda Özbegistanda azyndan 19 çaganyň ölümine sebäp bolan üsgülewük siroby Hindistandaky farmasewtik kompaniýalaryň gowşak gözegçiligini we düzgünlerini ýene bir gezek paş etdi. 2022-nji ýylyň tomsunda Gambiýada azyndan 70 çaga Hindistandaky Maiden Pharmaceuticals kompaniýasynyň öndüren üsgülewük dermanyny içeninden soň böwrek ýetmezçiliginden öldi. Sirobyň düzüminde ýürege, beýnä, böwrege zyýanly bolan etilen glikol, dietilen glikol ýaly zäherli himikatlar ulanylypdyr.

"Howply dermanlar aýsbergiň diňe göze ilýän depejigidir. Standartlara laýyk gelmeýän ýa-da peýda bermeýän dermanlar has uly mesele bolup biler" – diýip, farmasewtika eksperti we jemgyýetçilik saglygy ugrundan aktiwist Dineş Thakur belleýär.