TÜRKIÝÄNIŇ LUKMANÇYLYK JEMGYÝETINE GÜNÄ ÝÖŇKELÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

turkiyanin lukmancylyk jemgyyetine gunaGeçen ýylyň oktýabrynda Türk lukmançylyk birleşiginiň prezidenti Sebnem Korur Finjanji Türkiýede terror hasaplanýan Kürdistan Işçileriniň Partiýasynyň (PKK) adyndan propaganda ýaýradýany üçin tussag edildi. Bu Finjanjiniň Yragyň demirgazygyndaky kürt harbylaryna garşy türk harbylarynyň himiki ýarag ulanandygyny derňemäge eden çagyryşyndan soň bolup geçdi. Oňa üç ýyla golaý türme tussaglygy höküm edildi, ýöne sud diňlemesi bolýança tussaglykdan boşadyldy.

Finjanja beýle daraşylmasy Türkiýäniň lukmançylyk jemgyýetine edilýän basyşlaryň diňe bir bölegidir.

11-nji ýanwarda Türk lukmançylyk birleşiginiň başga-da 10 agzasy şuňa meňzeş ikuçly kazyýet aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Aýyplamalar saglyk birleşiginiň agzalarynyň hökümetiň COVID-19 hasabatlaryny we pandemiýa jogap beriş çärelerini tankytlamaklary bilen baglanyşdyrylýar.

Sitata: "Elbetde, lukmanlar hökmünde adam saglygyny ileri tutarys. Uruşlara garşy çykarys we ýaragyň ähli görnüşleriniň öňüni almak, olaryň ulanylmagyny böwetlemek we ýok etmek üçin mümkin bolan ähli zady ederis" – diýip, Finjanji belledi.

  • 415 gezek okalan