ÝENE BIR AIW WAKSINASY BAŞA BARMADY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

aiw waksinasy basa barmady18-nji ýanwarda Milli Saglyk Instituty (MSI) we Janssen Pharmaceuticals (JP) kliniki synaglaryň soňky tapgyryndaky ýeke-täk AIW-e garşy waksinanyň synaglarynyň togtadylýandygyny habar berdiler. Ekspertler waksinany howpsuz, emma täsirsiz hasap edýärler.

↪ Waksina erkekler we transgenderler bilen jynsy gatnaşykda bolan erkeklerde plasebo bilen deňeşdirilende AIW infeksiýasynyň öňüni alyp bilmedi.

↪ MSI-niň we JP-nyň maliýeleşdirmeginde waksinanyň 3-nji tapgyrynyň kliniki synaglary 2019-njy ýylda başlap, oňa Ýewropadan, Demirgazyk Amerikadan we Günorta Aziýadan 3900 meýletinçi gatnaşdy.

↪ 4 dozada berilýän we adaty dümewiň wirusy ulanylyp taýýarlanan bu waksina birnäçe AIW görnüşlerinden alnan mozaika immunogenlerini üpjün etmek arkaly AIW-iň dürli global ştamlaryna garşy niýetlenilipdi.

Bu waksina soňky onýyllykda şowsuzlyga uçran onlarça waksinalaryň biridir.

Ähli umyt kesilmedi: Ekspertler mRNA tehnologiýasy arkaly döredilen waksinalaryň hem bardygyny, ýöne olaryň täsirlilik synagyndan geçmegi üçin kän wagtyň zerurdygyny belleýärler.